“Türkmenistan” awiakompaniýasy täze türgenleşik esbaby arkaly uçarmanlaryň tälim beriş hilini ýokarlandyrar
26.11.2022 | 17:00 |2023-nji ýylyň tomsunda “Türkmenistan” awiakompaniýasy öz ygtyýaryna häzirki zaman, ýagny dünýäde şeýle simulýatorlary öndürýän öňdebaryjy “Entrol” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen H39 FNPT II MCC sanly türgenleşik esbabyny satyn alar – diýip, AirMed&Rescue saýty ýazýar.
Simulýator iň täze enjamlar, ýagny alty kanally FOV 200ºx70º proýeksiýa ulgamy, okuwyň netijesini bahalandyrmagyň awtomatiki programmasy, şeýle hem uçaryň hakyky titremesine çalymdaş tehnologiýa bilen üpjün ediler.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy üýtgeşik esbaby satyn aldylar we men onuň uçarmanlaryň täliminiň hil derejesini ýokarlandyrjakdygyna ynanýaryn. Biz bu taslama buýsanýarys – diýip, Entrol kompaniýasynyň işewür menejeri Huanho Leçosa aýtdy.
ORIENT news
Surat: airmedandrescue.com