Iň täze habarlar

Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

01.11.2022 | 08:39 |
 Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Gazagystanyň Almaty şäheri şu günler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Günorta Koreýanyň wekiliýetlerini kabul etdi. Olar Gazagystana Aziýanyň tokaý hyzmatdaşlygy guramasynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin ýygnandylar. Forumy geçirmek başlangyjy bilen Koreýanyň Tokaý gullugy çykyş edip, ýurtlar tarapyndan 2013-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen Tokaý senagatynda özara hereketler hakynda ähtnamanyň çäklerinde maslahaty gurady diýip, koreý habar beriş çeşmeleri ýazýarlar.

Эксперты стран ЦА обсудили в Казахстане создание лесов и «зеленых» поясов

Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň, şol sanda Türkmenistanyň hem, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar tokaý hojalygy we çölleşmäge garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler bu ulgamda geçirilýän işler hem-de öz ýurtlarynda amala aşyrylýan “ýaşyl” taslamalar barada gürrüň berdiler.

Эксперты стран ЦА обсудили в Казахстане создание лесов и «зеленых» поясов

Türkmenistandan gatnaşanlar bagy-bossanlyga büremek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde şäherleriň töwereginde we ýurduň beýleki ilatly ýerlerinde “ýaşyl guşaklyklary” döretmegiň tejribesini paýlaşdylar. Diňe Aşgabadyň töwereginde soňky 20 ýylda 145 million bag ekildi – munuň özi bir ýylda 3 million töweregi ýaş bag nahallarynyň ekilmegidir. Şu döwürde pürli, ýaprakly we miweli baglardan döredilen emeli tokaý toplumlarynyň umumy meýdany 185 müň gektara çenli köpeldi.

Эксперты стран ЦА обсудили в Казахстане создание лесов и «зеленых» поясов

Koreýanyň Tokaý gullugynyň bilermenleri Gazagystanda ýerine ýetirilen iş – Astanada “Dostluk” tokaýynyň döredilendigi, şeýle hem Merkezi Aziýada durmuşa geçirilýän beýleki taslamalar: Aralyň deňiz gurşawyny täzeden dikeltmek boýunça ekologiýa maksatnamasyna gatnaşylmagy, çölleşmäge garşy göreşmek boýunça çäreler, Täjigistanda bag nahallarynyň oturdylyşy hem-de beýlekiler barada gürrüň berdiler.

Эксперты стран ЦА обсудили в Казахстане создание лесов и «зеленых» поясов

Maslahatyň çäklerinde koreýaly hünärmenler özleriniň Aziýa döwletlerinde tokaýlyklary döretmek we gorap saklamak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen geljekki taslamalarynyň tanyşdyrylyşyny hem geçirdiler. Gürrüň Kambojada agar tokaýlyklarynyň täzeden dikeldilmegi (2023-2025 ýý.), Mongoliýada bag nahallaryny ösdürip ýetişdirýän toplumlaryň gurluşygy barada barýar. Bu ýaş bag nahallar geotermal zolaklarda tokaýlyklary täzeden dikeltmek üçin Filippinlerde durmuşa geçirilýän “Bir milliard bag” taslamasynda ulanylar.

Şeýle hem duşuşykda ýakyn ýyllarda tokaý hojalygy ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiýasy we ösüş meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ekologiýa meselelerini çözmek boýunça bilelikde hereket etmegiň ýörelgeleri işlenilip taýýarlanyldy.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: