Ýewropa Birleşigi 2035-nji ýyldan täze benzin we dizel awtoulaglarynyň satuwyny gadagan edilmegini goldady
31.10.2022 | 15:34 |Ýewroparlamentiň resmi saýtynda berilýän habara görä, Ýewroparlament we EB-ne agza ýurtlar 2035-nji ýyldan başlap täze benzin we dizel awtoulaglarynyň satylmagyny düýbünden gadagan edýän kanunyň kabul edilmegi barada deslapky ylalaşyga geldiler.
Gepleşiklere gatnaşyjylar ýeňil awtoulaglarynyň häzirki wagtda daşky gurşawy hapalaýanlaryň esasylaryndan biri bolmak bilen, Ýewropa Birleşigindäki ähli ulaglaryň CO2 zyňyndylarynyň 61% göterimini emele getirýändigi bilen ylalaşdylar.
Mundan öň Ýewropa Komissiýasy 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň çykarylyşyny 55% azaltmaga gönükdirilen howany gorama maksatlaryna ýetmek üçin «Fit for 55» ylalaşygyny kabul etdi.
Ýewropa Birleşiginiň ulaglar ulgamy 1990-njy we 2019-njy ýyllar aralygynda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň 33,5% göterim ýokarlanan ýeke-täk pudagydyr. 2050-nji ýyla çenli EB ýewropalylaryň elektrik ulaglaryna doly geçmegi arkaly atmosfera zeper ýetirýän zyýanly maddalaryň zyňyndylaryny ep-esli azaldar.
ORIENT news
Surat: CDE News