ABŞ-da Güni "garaňkylaşdyrmagyň" ýoly gözlenilýär
19.10.2022 | 18:53 |CNBC habar gullugynyň habar bermegine görä, Ak tamyň Ylym we tehnologiýa bölümi, Güni "garaňkylaşdyrmagyň" usullaryny öwrenmek üçin 5 ýyllyk gözleg taslamasyny meýilleşdirýär.
Bu taslama atmosferadaky parnik gazlary sebäpli dörän global ýylylygy azaltmak üçin Ýer togalagyna ýetýän gün şöhlesiniň mukdaryny azaltmak pikirine esaslanýar.
Gün şöhlesiniň öňüni ýapmak pikiri 2020-nji ýylda Günorta Afrikaly alymlaryň geçiren barlagynda ýüze çykdy. Keýptaun uniwersitetiniň gözlegçileri Günüň hemişelik “garalmagy” üçin şäherleriň üstünden atmosfera köp mukdarda kükürt dioksid gazyny goýberip, planetamyzyň suw baýlyklaryny goramak meýilnamasyny taýýarladylar.
Ak tamyň habar bermegine görä, bu meýilnama 2100-nji ýyla çenli suw ýetmezçiligini 90 göterim azaldar. Şeýle-de bolsa, bu pikire köp hünärmenler garşy çykdylar, çünki kükürt dioksid usulynyň daşky gurşawa we adamyň saglygyna zyýanly täsir edip biljekdigi mälim edildi.
ORIENT news
Surat: ucsusa.org