COP27: ekologiýa ulagy – aýratyn wajyp mesele
16.09.2022 | 16:07 |COP27-ä başlyklyk edýän Müsür 2022-nji ýylyň 6-18-nji noýabry aralygynda Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça Maslahaty üçin ulagy aýratyn wajyp mesele hökmünde kesgitledi.
COP27-niň maksatnamasynda tutuş 17-nji noýabr gününi adalatly, sagdyn, ýaşyl we durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek boýunça borçlary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de kabul etmäge gyzyklanma bildirýän taraplary ýygnamak üçin belledi.
Jemgyýetçilik ulaglarynda kömürturşy gazynyň bölünip çykarylyşyny azaltmak, hereket ediş serişdeleriniň elektrikleşdirilmegi hem-de ykjam hereketleriň işjeňleşmegi baradaky meseleler bilen bir hatarda, guramaçylar ulaglaryň ekologik görnüşi bolan welosipedi öňe ilerletmäge hem ünsi çekmek isleýärler. Ileri tutulýan ugurlaryň şeýle tertipleşdirilmegi we ulag ulgamyna şeýle üns berilmegi ozalky hemme döwürlerdäkiden has möhüm ähmiýete eýedir: bug gazlarynyň ählumymy derjede bölünip çykarylyşynyň 15%-i ulag ulgamyna degişlidir we ol şolaryň tiz ösýän gözbaşy bolup durýar.
Ekologiýa taýdan örän arassa tehnologiýalaryň esasyndaky jemgyýetçilik ulaglarynyň welosiped sürmek bilen utgaşdyrylmagy adalatly geçmek arkaly öňümizdäki maksatlarymyza ýetmek üçin zerur bolan köp çözgütleri tapmagyň açarydyr.
Şeýle-de bolsa, muny COP27-niň guramaçylary syýasy we maliýeleşdirmek nukdaýnazaryndan howa ulgamyna degişli gün tertibiniň doly baha berilmedik ugurlary hasaplaýarlar. Maýa goýumlaryň arassa tehnologiýalaryň ulanylyşynyň gerimini giňeltmegini, olary durnuksyz ýollara itermezligi üpjün etmek örän möhümdir. Jemgyýetçilik ulagynyň bu ulgamynyň howpsuz ýöremegi hem-de welosiped sürmegi üpjün etmek boýunça çäreler bilen utgaşdyrylmagyny üpjün etmek hem örän wajypdyr.
Glazgoda geçirilen geçenki COP26-a şol wagt wise-premýer, häzir bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, “Metan boýunça ählumymy borçnama” diýen täze başlangyjy goldady. Ol Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň bölünip çykarylyşyny aradan aýyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.
ORIENT news