Iň täze habarlar

Aşgabatda Dawid Aruşaýansyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan döredijilik sergisi öz işine başlaýar

17.02.2025 | 13:00
Aşgabatda Dawid Aruşaýansyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan döredijilik sergisi öz işine başlaýar

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň gurnamagynda suratkeş Dawid Aruşaýansyň 75 ýaş ýubileýi mynasybetli döredijilik sergisi açylýar. Sergide suratkeşiň dürli ýyllarda döreden “Narlar”, “Garaşmak”, “Ene”, “Ýaşuly”, “Oý-pikirler” ýaly 100-e golaý nakgaş we grafika eserleri görkeziler.

1

Dawid Aruşaýans 1950-nji ýylda Mary welaýatynda eneden dogulýar. Suratkeş 1970-nji ýylda Aşgabatdaky öňki Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesini (häzirki Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi) tamamlaýar. Mary şäherinde 1982-nji ýylda suratkeşiň ilkinji şahsy sergisi görkezilýär. Ussat suratkeş 1977-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolýar. Onuň eserleri daşary ýurtlarda geçirilen birnäçe sergilere hem gatnaşýar.

Sergi sagat 16:00-da açylyp, öz işini mart aýyna çenli dowam eder.

ORIENT