Habarlar

Maýa goýumlar we täze taslamalar – türkmen-koreý parlament gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldyMaýa goýumlar we täze taslamalar – türkmen-koreý parlament gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldy

Maýa goýumlar we täze taslamalar – türkmen-koreý parlament gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldy

Türkmen Parlamentiniň Ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşiklerde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy Kim Çžin Phýo maýa gýoumlaryň kepillikleri hakynda ylalaşygyň baglaşylmagynyň iki ýurduň arasyndaky maýa goýum işjeňligini höweslendirer diýip aýtdy hem-de taraplaryň bu resminamanyň üstünde tizräk işlemeginiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistan Owganystanda guran Saglyk öýünde düýpli abatlaýyş işlerini  geçirdiTürkmenistan Owganystanda guran Saglyk öýünde düýpli abatlaýyş işlerini  geçirdi

Türkmenistan Owganystanda guran Saglyk öýünde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdi

Owganystanyň Faryab welaýatynyň Garamgol etrabynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 2009-njy ýylda gurlan Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanyp berilmegi bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi. Ýurtda soňky döwürde bolup geçen wakalar sebäpli, saglygy goraýyş edarasyna zyýan ýetdi we şol sebäpli, türkmen hökümeti tarapyndan onuň doly abatlanmagyna we enjamlaşdyrylmagyna serişde bölünip berildi, şeýle hem, ynsanperwer kömegi hökmünde owgan tarapyna medisina enjamlary, derman serişdeleri gowşuryldy.

Asahi: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji dekabrda Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşarlarAsahi: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji dekabrda Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşarlar

Asahi: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji dekabrda Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşarlar

24-nji noýabrda Tokioda Liberal-demokratik partiýasynyň agzalaryndan ybarat Ýapon-Merkezi Aziýa parlament dostluk ligasynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Ýaponiýanyň dolandyryjy partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän parlament topary Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurdy: Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan bilen gatnaşyklary berkitmek üçin döredildi – diýip, "Asahi" gazeti ýazýar.