BAE-niň wekiliýeti Türkmenistanda bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşar


Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ýakyn wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we ösen tehnologiýalar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini belledi.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasy bilen BAE-niň Söwda we senagat palatalarynyň federasiýasynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak, şeýle hem bilelikdäki işewürler geňeşiniň döredilmegini göz öňünde tutmak meýilleşdirilýär. Bu ugurda ýurtlar ilkinji duşuşygy geljek ýylda geçirmegi göz öňüne tutýarlar. Hasabata görä, Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Bilelikdäki komitetiň nobatdaky ýygnagyny 2023-nji ýylda geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Bilelikdäki işewürler geňeşiniň döredilmegi iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, telekeçiler bilen işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem amatly maýa goýum mümkinçiliklerini döretmäge kömek eder.
Şeýle hem saparyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekilleri bilen BAE-niň degişli gurluşlarynyň wekilleri bilen maslahatlary guramak teklip edilýär. Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin hereket etmegiň «Ýol kartasyny» işläp düzmek hem teklip edilýär.
ORIENT news
Surat: unsplash.com








