HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň liderleri Awazada duşuşarlar

Noýabr 29, 2022 | 17:53 |13337
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ankarada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ankarada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ankarada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Şeýle hem duşuşyga daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu gatnaşdy.

Ozal, duşenbe güni Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-leriniň ýolbaşçylary aýratynlykda duşuşyp, gepleşikleri geçirdiler, şolaryň netijeleri boýunça bilelikdäki metbugat-beýanatynda çykyş etdiler.

1.jpg

Diplomatlar ikiçäk görnüşde duşuşyp, ikitaraplaýyn aragatnaşyklary we sebit boýunça käbir meseleler babatda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny, Awazada geçiriljek Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan üçtaraplaýyn duşuşygyna taýýarlyk gşrülişine garadylar, şonuň netijesi boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Meredow we Çawuşoglu Türkmenistanda boljak üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem Çawuşoglu 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň garaşylýandygy barada aýtdy diýip, “Anadolu” agentligi habar berýär.

2.jpg

Ol iki ýurduň arasyndaky söwdanyň yzygiderli artýandygyny hem-de onuň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Meredow gepleşikleri “peýdaly boldy” diýip häsiýetlendirdi hem-de iki ýurduň halkara guramalaryndaky gatnaşyklaryna garalandygy barada habar hem berdi. Ol iki ýurduň halkara derejesindäki syýasy meselelerde garaýyşlarynyň “meňzeşdigini we ýakyndygyny” aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026