Türkmen hünärmenleri ösümlikleri goramak boýunça halkara talaplary öwrendiler


Türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak Maksatnamasynyň sebitleýin okuw maslahatynda (BOMCA 10) Ösümlikleri goramak boýunça halkara konwensiýasynyň (IPPC) talaplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada maksatnamanyň web saýty habar berýär.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy, halkara standartlarynyň ösmegine we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we sanitariýa çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Ähli agza ýurtlaryň IPPC-niň talaplaryny berjaý etmegini talap edýän şertlerinde Türkmenistanyň hem Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy örän uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Duşuşygyň dowamynda Latwiýanyň Iýmit we weterinariýa gullugynyň Serhet gözegçilik bölüminiň we Litwanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet ösümlik gullugynyň hünärmenleri okuw sapagyna gatnaşyjylary tälimçileri taýýarlamagyň usulyýeti we Halkara ösümlikleri goramak konwensiýasynyň durmuşa geçirilişi boýunça görkezmeler bilen tanyşdyrdy.
ORIENT news
Surat: bomca-eu.org








