Türkmen şahyrlarynyň eserleri "Türk edebiýatynyň dürleri" atly kitaplar ýygyndysyna goşuldy


Türkmen şahyrlarynyň meşhur eserleri 100 tomdan ybarat bolan "Türk edebiýatynyň merjenleri" atly kitaplar ýygyndysyna goşuldy, ol Türk dünýäsiniň nusgawy eserleriniň saýlanan goşgularyny öz içine alýar. Bu barada Türki döwletleriň guramasynyň resmi web saýty habar berýär.
Ägirt uly we medeni gymmatlyklary öz içine alýan kitaplar ýygyndysyny Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi we Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş instituty tarapyndan taýýarlandy, ony döretmegiň üstünde 200-den gowrak terjimeçiler, 100-den gowrak edebiýatçylar, ýazyjylar, redaktorlar, suratkeşler we alymlar zähmet çekdiler.
Gelip çykyşy türki halklardan bolan XI – XXI asyrlaryň şahyrlarynyň we akyldarlarynyň 629-synyň ölmez-ýitmez setirlerini öz içine alýan 100 tomdan ybarat kitaplar ýygyndysy Daşkent şäherinde 200 müň tiraž bilen neşir edildi.
Bu ýygyndyny neşir etmek baradaky karar 2019-njy ýylda Türk dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň VII sammitinde mälim edilipdi.
Kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy Türki döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Daşkentiň gündogary öwreniş döwlet uniwersitetinde geçirildi.
ORIENT news
Surat: turkkon.org








