

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölüminiň wekili Türkmenistanyň gümrük nokatlaryna baryp görmegi meýilleşdirýär
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit bölüminiň wekili Aşita Mittal Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatdaky halkara gümrük terminalynyň Port Dolandyryş bölümine we Lebap welaýatyndaky Ymamnazar barlag-goýberiş nokadyndaky serhet hyzmatdaşlygy bölümine baryp görmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.




















