Beýik Britaniýanyň ilçisi Mary welaýatynyň bilim edaralarynda dünýä howa barada leksiýa okady


Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Lýusiýa Waýld Mary welaýatyna baryp gördi.
Diplomat Mary şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna we Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine baryp, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak barada leksiýa okady. Leksiýanyň ahyrynda Dewid Attenboronyň “Planetamyzdaky durmuş” atly filminiň görkezilişi guraldy.
Myhman Marydaky mugallymçylyk mekdebinde başlangyç synp okuwçylaryna iňlis dilini öwretmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Ilçi türkmen talyplarynyň iňlis dilini bilişleriniň derejesine ýokary baha berdi.
Şeýle hem talyplar amaly-haşam sungaty boýunça öz elleri bilen ýasan senetçilik önümlerini görkezdiler.
Saparynyň dowamynda diplomat şeýle hem Mary welaýatynyň häkimi, welaýatyň Zenanlar birleşiginiň we ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Ilçi olar bilen dürli ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýol goýmagyň ähmiýetini we soňky 30 ýyldaky hyzmatdaşlygyň dowamynda gazanan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşdy.
Mundan öň Lýusiýa Waýld Lebap welaýatyna sapar bilen barypdy, Beýik Britaniýanyň ilçisi geljekde ýurduň beýleki sebitlerine hem saparlary guramagy meýilleşdirilýär.
ORIENT news
Surat Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi








