Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistan GDA-da senagat howpsuzlygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Noýabr 24, 2022 | 14:40 |5603
Türkmenistanyň GDA-daky hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew Minskde geçirilen Arkalaşygyň kanuny we beýleki guramalaryna degişli Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň geňeşiniň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.Türkmenistanyň GDA-daky hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew Minskde geçirilen Arkalaşygyň kanuny we beýleki guramalaryna degişli Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň geňeşiniň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň GDA-daky hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew Minskde geçirilen Arkalaşygyň kanuny we beýleki guramalaryna degişli Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň geňeşiniň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.

Duşuşygyň gün tertibindäki meseleleriň biri – Arkalaşygyň senagat howpsuzlygy pudagyndaky hyzmatdaşlygydyr. Şeýlelik bilen, gatnaşyjylar Senagat howpsuzlygy boýunça Döwletara Geňeşiniň bu ugurda ylalaşylan hereketleri we çärelerini üpjün etmäge gönükdirilen işler barada maglumat aldylar.

Geňeşiň işi bilelikdäki ylmy-gözleg işleriniň netijelerini, maglumat we usulyýet materiallaryny, şeýle hem senagat howpsuzlygyny üpjün etmekde amaly tejribäni ulanmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Arkalaşygyň sebitiniň daşyndaky ýurtlarda senagat howpsuzlygy meselelerini düzgünleşdirýän ýöriteleşdirilen düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin Senagat howpsuzlygy boýunça Döwletara Geňeşiniň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, ýagny senagat hadysalarynyň serhetara täsiri baradaky konwensiýanyň sekretariaty bilen özara gatnaşyklary saklamak açykdygy bellendi.

Şeýle hem doly ygtyýarly wekiller GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 28-nji oktýabrda Astanada geçirilen mejlisinden soň kabul edilen resminamalar bilen hem tanyşdylar.

ORIENT news
Surat: e-cis.info

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026