Gyrgyzystanyň öňki Daşary işler ministriniň orunbasary Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellendi
Noýabr 26, 2022 | 15:17 |4106


Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Azizbek Madmarow Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellendi. Prezident Sadyr Japarow buýruga gol çekdi. Bu barada Gyrgyzystanyň döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.
Mundan ozal Madmarow Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda dürli wezipelerde işledi — ýagny, ol Gyrgyzystanyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde diplomatik gullugyny ýerine ýetirdi, şeýle hem Kollektiwleýin howpsuzlyk hakynda şertnama guramasynyň Sekretariatynda müdiriýetiň başlygy bolup işledi.
ORIENT news
Surat: bulak.kg








