Türkmenistanyň täze kanuny notarial işini amala aşyrmagyň elektron resminamalarynyň tertibini düzgünleşdirer


Türkmenistanyň "Notariat we notarial işi hakynda" täze kanuny notarial işini amala aşyrmagyň elektron resminamalarynyň tertibini we kanuny güýjüni düzgünleşdirer. Bu barada türkmen metbugatynda şu günki çap edilen kanunyň tekstinde habar berilýär.
Kanun notariuslara elektron resminama, elektron usulda gol çekmek arkaly raýat hukuk amallaryny we elektron resminamalary tassyklamak ygtyýarlygyny berýär.
Kanunyň degişli maddasy elektron resminamalara hem degişlidir olar asyl görnüşde diýlip görkezilip bilinmez , olaryň arasynda:
-miras bolan hukuk baradaky şahadatnama,
-Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda asyl nusgasynda diňe bir nusgada döredilip bilinjek resminama,
-Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalar.
Şol bir wagtyň özünde, elektron resminamanyň kagyzdaky göçürmesi we sanly göterijisindäki resminamanyň elektron nusgasynyň mazmuny we aýratynlyklary bilen birmeňzeş güýjüniň bardygy bellenilýär.
ORIENT news
Surat: proraboto.com








