Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti we Fransiýanyň täze ilçisi dialogyň oňyn depginini belledilerTürkmenistanyň Prezidenti we Fransiýanyň täze ilçisi dialogyň oňyn depginini bellediler

Türkmenistanyň Prezidenti we Fransiýanyň täze ilçisi dialogyň oňyn depginini bellediler

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususy işewürlik ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem energetika we infrastruktura pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grand bilen geçiren duşuşygynyň esasy ugurlary boldy

Türkmenistan we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Awazada oktýabr aýyndaky sammiti geçirmek boýunça taýýarlyk meselelerini ylalaşdyTürkmenistan we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Awazada oktýabr aýyndaky sammiti geçirmek boýunça taýýarlyk meselelerini ylalaşdy

Türkmenistan we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Awazada oktýabr aýyndaky sammiti geçirmek boýunça taýýarlyk meselelerini ylalaşdy

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek möhüm çäreleriň taýýarlygy soňky amaly tapgyra gadam basdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilowyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çärelerine gatnaşdyGurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çärelerine gatnaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çärelerine gatnaşdy

Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atly ýöriteleşdirilen atçylyk-sport toplumynda atly sport boýunça dünýä çempionatynyň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň hem-de bedewleriň halkara gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi Ýewropa sebitini atçylyk ylmy we medeniýeti boýunça dünýä merkezleriniň birine öwürdi

Nýu-Ýorkda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler duşuşygyna taýýarlyk görülýärNýu-Ýorkda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Nýu-Ýorkda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler duşuşygyna taýýarlyk görülýär

2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň «Awaza» maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, iri infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmegiň mehanizmleri we üstaşyr ulag integrasiýasyny çaltlandyrmagyň ýollary 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDCs) daşary işler ministrleriniň Ýyllyk maslahatynyň esasy temalary bolar

Ahalteke bedewleriniň filosofiýasy – ýewropaly okyjylar üçin Gurbanguly Berdimuhamedowyň niderland dilindäki kitabyndaAhalteke bedewleriniň filosofiýasy – ýewropaly okyjylar üçin Gurbanguly Berdimuhamedowyň niderland dilindäki kitabynda

Ahalteke bedewleriniň filosofiýasy – ýewropaly okyjylar üçin Gurbanguly Berdimuhamedowyň niderland dilindäki kitabynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniň niderland diline terjime edilmegi we Wenraý şäherinde tanyşdyrylmagy Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen, ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyndaky atly sport boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde möhüm wakalaryň biri boldy

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibindeMetan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Niderland işewürleriniň deňiz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, gämi gurluşygynda we saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gatnaşmagy, şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ekologik taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki gün tertibini emele getirýär

Açyk asmanyň astyndaky goňşuçylyk dostlugynyň simfoniýasy — Aşgabatda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenildiAçyk asmanyň astyndaky goňşuçylyk dostlugynyň simfoniýasy — Aşgabatda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenildi

Açyk asmanyň astyndaky goňşuçylyk dostlugynyň simfoniýasy — Aşgabatda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenildi

4-nji sentýabryň agşamy türkmen-özbek doganlygynyň nyşanyna we binagärlik keşbine öwrülen paýtagtymyzyň «Daşkent» seýilgähi ýürekden bellenilýän baýramçylygyň merkezine öwrüldi. Çyn ýürekden duýulýan mähirli ýagdaýda bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdySerdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy

1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni Türkmenistanyň bilim ulgamy üçin uly ähmiýetli waka bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň — Aşgabatdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI) we Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze ýokary tehnologiýaly binalar toplumlarynyň dabaraly açylyşy geçirildi