Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi


15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine sammitine gatnaşdy. Döwlet Baştutany çykyşynda Türkmenistanyň ozal Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda öňe süren möhüm daşary syýasy başlangyçlarynyň Aziýa yklymynda ynamy berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin netijeli amaly gurallara öwrülip biljekdigi baradaky giň gerimli garaýyşlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutany häzirki sammitiň çuňňur geosyýasy özgerişleriň bolup geçýän döwründe geçirilýändigini, şeýle şertlerde halkara hukugynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän ählumumy başlangyçlaryny — 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky tekliplerini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti gapma-garşylyklaryň öňüni almak, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemek maksady bilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy.
2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu işi Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň pudaklaýyn derejesinde hem dowam etdirmegi, ýagny gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde hemişelik dialogy ýola goýmagy teklip etdi. Bu görnüşdäki hyzmatdaşlyk infrastruktura päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga, multimodal ýük daşamalary üçin düzgünleri işläp taýýarlamak işini çaltlandyrmaga we Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça multimodal daşamalary giňeltmäge, Hazar deňziniň üsti bilen Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün etmäge aýratyn üns berildi.

Döwrüň tehnologik çagyryşlary barada aýdylanda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine gatnaşyjy ýurtlara Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy goldamaga çagyrdy.

Çykyşyň ekologik ugry Türkmenistanyň ýene bir başlangyjyny — Aşgabat howa dialogyny döretmegi öňe sürmäge gönükdirildi. Döwlet Baştutany bu meýdançany Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, çölleşmä garşy göreşmek we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm sebit meselelerini çözmek üçin peýdalanmagy teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti parahatçylyk medeniýetiniň möhüm binýady bolup durýan ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmegiň üsti bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi hem teklip etdi. Bu ugurda amaly ädim hökmünde Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine gatnaşyjy ýurtlaryň işjeň we zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny durmuşa geçirmek teklip edildi.









