Samarkantda «MA +1»: sebit hyzmatdaşlygy bilen özygtyýarlylygyň arasynda deňagramlylygy nädip gözleýär?


19-njy oktýabrda Samarkantda «MA +1» formatynda ministrler derejesindäki duşuşyk geçirildi. Onda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler. Bu resminama borçnamalaryň sanawy bolman, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän we geljekde bilelikde işlemek üçin mümkinçilik döredýän maksatlaryň ýol kartasy bolup durýar.
Sebit üçin bu formatyň ähmiýeti, ilkinji nobatda, ýurtlara öz milli gün tertibini saklamak bilen bir wagtda meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik bermegindedir. Merkezi Aziýa ýurtlary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sebiti aýry-aýry bazarlaryň toplumy hökmünde däl-de, taslamalaryň birnäçe ýurda birbada peýda getirýän özara baglanyşykly ulgamy hökmünde görmegine gyzyklanma bildirýärler.
Şol bir wagtyň özünde, her bir ýurt haýsy başlangyçlara gatnaşmalydygyny, haýsylaryna bolsa gatnaşmaly däldigini özbaşdak saýlamak hukugyny saklaýar. Şu nukdaýnazardan, Samarkant duşuşygy umumy garaşmalaryň çäklerini we özara bähbitleriň gabat gelýän ugurlaryny gözlemek zerurlygyny aýdyň görkezdi.

Duşuşygyň merkezinde häzirki wagtda sebitiň ykdysady we tehnologik gün tertibini kesgitleýän meseleler boldy. Olaryň arasynda söwda we maýa goýumlary, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek, strategik ähmiýetli minerallara elýeterlilik, energetika, sanlylaşdyrma we innowasiýalar esasy orun eýeledi.
Işewürlik bilen bagly bölegiň gerimini aýratyn bellemek gerek. Diplomatik wekiliýet bilen birlikde Samarkanda awiasiýa gurluşygyndan we maliýe pudagyndan başlap, tebigy baýlyklary çykarmak hem-de tehnologiýalar ulgamlaryna çenli dürli ugurlarda işleýän amerikan kompaniýalarynyň giň wekiliýeti geldi. Bu ABŞ-nyň diplomatik dialogy amaly hyzmatdaşlyk derejesine geçirmäge, syýasy ylalaşyklary anyk işewürlik taslamalary bilen baglanyşdyrmaga çalyşýandygyny görkezýän aýdyň alamat boldy.

Bu meselede Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşygy aýratyn orun eýeledi. Ol Samarkant duşuşygynyň iň ähmiýetli pursatlarynyň biri bolup, ikitaraplaýyn gepleşiklerde Türkmenistanyň çemeleşmesiniň aýratynlyklarynyň has aýdyň görünýändigini görkezdi.
Aşgabat däp bolan çemeleşmesine laýyklykda, gatnaşyklary deňagramlylyk esasynda ösdürýär: özara bähbitli taslamalara açyk bolmak bilen birlikde, özygtyýarlylygyny saklaýar we hemişelik bitaraplyk derejesine berk eýerýär. Şonuň üçin gepleşiklerde umumy häsiýetli beýannamalara däl-de, peýdasy aýdyň, borçnamalary bolsa anyk kesgitlenen we gözegçilikde saklanyp bilinýän ugurlara üns berildi. Ilkinji nobatda, energetika, ýurduň üstaşyr ulag mümkinçilikleri we sebit üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrýan taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan diňe bir daşary ýurtly hyzmatdaşlar dialogy bilen çäklenmeýär. Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem aýratyn duşuşyk geçirdi. Taraplar haryt dolanyşygyny we ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak, Şawat–Daşoguz serhetýaka söwda zolagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem üçünji Sebitler forumyna taýýarlyk görmek we medeni alyş-çalyşlary ösdürmek arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ugurlaryň utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň diplomatiýasynyň köpugurly häsiýetini görkezýär. Munuň netijesinde ýurt umumy sebit gün tertibine gatnaşýar, ýöne muny öz taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Şol bir wagtyň özünde, gönüden-göni ykdysady netije berýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlaryny hem ösdürýär.

Has giň nukdaýnazardan seredilende, Samarkant duşuşygy birnäçe möhüm tendensiýalary ýüze çykardy. Birinjiden, ykdysady meseleler öňdäki orna çykýar. ABŞ diplomatik ýakynlaşmany anyk taslamalar bilen baglanyşdyrmaga çalyşýar. Bu taslamalar minerallary çykarmakdan we gaýtadan işlemekden başlap, energetika hem-de sanly tehnologiýalar boýunça başlangyçlara çenli dürli ugurlary öz içine alýar.
Ikinjiden, sebit ýurtlary pragmatik çemeleşmäni görkezýärler. Olar hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrmaga taýýar, emma özygtyýarlylygyny gorap saklamak bilen, dürli güýç we täsir merkezleriniň arasynda aýdyň deňagramlylygy üpjün etmäge çalyşýarlar. Bu babatda Türkmenistan belli bir nusgany görkezýär: üstaşyr ulag we energetika mümkinçiliklerini güýçlendirýän sebit taslamalaryna gatnaşmak bilen birlikde, syýasy we ykdysady özbaşdaklygy çäklendirip biljek milli derejeden ýokary borçnamalary kabul etmeýär.
Ulag-logistika gün tertibi bu ýagdaýda aýratyn ähmiýete eýedir. Sebit birbada birnäçe ugry ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Olaryň hatarynda Hazar deňziniň üsti bilen geçýän «Gündogar–Günbatar» geçelgeleri, Eýranyň üsti bilen günorta ugurlar, şeýle hem multimodal ulag merkezleri we sanly gümrük ulgamlary bar.
Türkmenistan üçin bu ýagdaý «Günbatar–Gündogar» geçelgesinde ulag merkezi hökmünde ornuny güýçlendirmäge mümkinçilik döredýär. Munuň üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly, «Demirgazyk–Günorta» geçelgesiniň gündogar şahasynyň esasy bölekleriniň biri hökmünde, awtomobil ýollary we Türkmenbaşy halkara deňiz porty uly ähmiýete eýedir. Bu infrastruktura yklymyň iri bazarlarynyň arasyndaky ýoly ep-esli gysgaldýar we üstaşyr gatnawlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Şol bir wagtyň özünde, logistika ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy (elektron şahadatnamalar, ýükleri hakyky wagtda yzarlamak we bitewi maglumat platformalary) diňe bir amatlylyk meselesi bolman, eýsem ulgamlaryň özara sazlaşykly işlemeginiň we üpjünçilik zynjyrlarynyň aç-açanlygynyň möhüm şertine öwrülýär.
Energetika we strategik ähmiýetli serişdeleriň elýeterliligi sebit bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bähbitleriniň kesişýän ýene bir ugrudyr. Durnukly we deňeşdirilende arzan energiýa diňe bir senagat we oba hojalygy üçin däl, eýsem emeli aň ulgamlaryny hem öz içine alýan milli tehnologik mümkinçilikleri ösdürmek üçin hem zerurdyr.

Näme üçin Waşington Merkezi Aziýada emeli aňy öňe sürýär?
Munuň jogaby, ähtimal, geosyýasy bäsdeşlik bilen baglanyşyklydyr. ABŞ sebite güýçli tehnologik alternatiwany hödürleýär we sanly infrastrukturany döretmäge, önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmaga hem-de möhüm desgalary daşardan edilýän haker hüjümlerinden goramaga maýa goýumlaryny gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär.
Bu bolsa Türkmenistanda we goňşy ýurtlarda emeli aňyň indi diňe bir güýmenje ýa-da ylmy çekişmeleriň temasy bolmakdan çykýandygyny aňladýar. Ol ykdysady ösüşiň we döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilýär. Mundan başga-da, Ak tam dünýäniň iň ýokary howpsuzlyk standartlaryna laýyklykda işläp biljek, hünärli milli IT hünärmenlerini taýýarlamaga maýa goýumlaryny gönükdirmäge taýýardyr.
Maglumat merkezleri we hasaplaýyş klasterleri köp mukdarda elektrik energiýasyny talap edýär. Şonuň üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, kiçi modully ýadro reaktorlary we serhetüsti energetika ulgamlary boýunça taslamalar strategik ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan üçin bu ugurda gazyň swap görnüşinde iberilmegi, elektrik geçiriji liniýalar we energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny ýokarlandyrýan hem-de bökdençlik töwekgelçiliklerini azaldýan sebit energetika meýilnamalaryna gatnaşmak möhüm bolup durýar.
Kosmos we maglumatlar ilkinji seredişde gündelik meselelerden uzak ýaly görünse-de, iş ýüzünde olar barha köp ulanylýan amaly gurallara öwrülýär. Ýeri uzak aralykdan zondirlemek, hemra nawigasiýasy we aragatnaşyk ulgamlary boýunça ylalaşyklar sebit ýurtlaryna oba hojalygy, ekologiýa, logistika we tebigy serişdeleri dolandyrmak üçin zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Emeli aňyň işi hem hut şu maglumatlary işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Algoritmler hasyllylygy çaklamaga, çölleşme hadysalaryna gözegçilik etmäge ýa-da ulag akymlaryny amatly guramaga kömek edýär. Şu nukdaýnazardan, sebit integrasiýasy diňe bir infrastrukturany ösdürmek bilen çäklenmeýär. Ol umumy standartlary işläp taýýarlamagy, özara sazlaşykly ulgamlary döretmegi we milli emeli aň çözgütlerini ösdürmek üçin zerur bolan ýerli maglumat toplumlaryny emele getirmegi hem talap edýär.
Şeýlelikde, Samarkant duşuşygynyň esasy netijesi hemmeler üçin bitewi resminamalaryň kabul edilmegi däl-de, her bir ýurduň öz bähbitlerini gorap bilýän, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bolsa ykdysady we strategik maksatlaryny öňe sürmek üçin mümkinçilik alýan dialog giňişliginiň döredilmegidir. Türkmenistan üçin bu formatyň ähmiýeti üstaşyr ulag we energetika mümkinçiliklerini güýçlendirýän anyk hem-de gözegçilikde saklanylýan taslamalaryň üsti bilen sebit gün tertibine gatnaşmaga mümkinçilik bermegindedir.
Sebit derejesinde bolsa bu duşuşyk Merkezi Aziýanyň durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmäge, öz infrastrukturasyny ösdürmäge we çözgüt kabul etmekde özbaşdaklygyny saklamaga mümkinçilik berýän goşmaça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hem-de standartlary gözleýändigini görkezýär.
Hut şeýle pragmatik, köpugurly we anyk taslamalara gönükdirilen çemeleşme uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy bolup durýar. Bu hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hem oňyn orun eýeleýär.
Bekdurdy AMANSARYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi









