Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdiTürkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

24-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň iberen mähirli salamyny ýetirdi

Aşgabatda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça ýokary derejeli forum geçirildiAşgabatda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça ýokary derejeli forum geçirildi

Aşgabatda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça ýokary derejeli forum geçirildi

5-nji awgustda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny güýçlendirmek boýunça ýokary derejeli milli tegelek stoluň başynda pikir alyşma geçirildi. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligine gabatlanyp geçirilen forum, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde gurnaldy