Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde Ýerewan şäherinde geçirilen guralan Liderler sammitine gatnaşdy. Bu giň möçberli çärä BMG-niň Baş Sekretary, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar.
Döwlet Baştutany döwletleriň ýolbaşçylarynyň we halkara institutlaryň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň özboluşly ekoulgamlary gorap saklamak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça giňişleýin strategiýasyny beýan etdi.
Döwlet Baştutany bioköpdürlüligiň azalmagynyň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň özara aýrylmaz baglanyşykly hadysalardygyny, olaryň jarnamalardan amaly hereketlere geçilmegini talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynda we Hereketleriň meýilnamasynda kesgitlenen milli ileri tutulýan ugurlar barada giňişleýin durup geçdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Garagum sährasyndan başlap Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyna çenli serhetüsti tebigy ýerlere aýratyn üns berip, Türkmenistanyň çäkleriniň ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine üstünlikli goşulandygyny belledi hem-de Hazar we Aral deňizleriniň ekoulgamlaryna ylmy gözegçiligi giňeltmäge çagyrdy.
Çykyşyň esasy ugurlarynyň biri Aşgabatdyň öňe sürlen ählumumy başlangyçlary BMG-niň tebigaty goramak boýunça konwensiýalarynyň maksatlaryna laýyk getirmek boldy. Türkmenistanyň Prezidenti bilermenleriň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin Aşgabat howa dialogynyň meýdançasyndan peýdalanmagy teklip etdi. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Aşgabatda çölleşmäge garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyna ünsi çekdi.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerinde goramak meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara jemgyýetçiligini sebit ýurtlarynyň ýaşyl maliýe serişdelerine, sanly tehnologiýalara we genetiki maglumatlary geçirmek ulgamlaryna adalatly elýeterliligini üpjün etmäge çagyrdy. Döwlet Baştutany BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň geçiriljek 17-nji maslahatynyň kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşmaça itergi bermelidigine ynam bildirdi.








