YHG Bagdatda geçirilen Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň sessiýasynda Türkmenistanyň Bitaraplygyň orny hakyndaky başlangyjyny goldady


Türkmenistanyň wekiliýeti 17–18-nji oktýabrda Bagdatda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Forumuň möhüm netijeleriniň biri Aşgabat tarapyndan öňe sürlen «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi boldy.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti çykyş edip, YHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Çykyşda Türkmenistanyň halkara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge we halkara hukugynyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti bellenildi. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy.

Gepleşikleriň aýratyn bir ugry ynsanperwerlik we bilim ulgamlaryny öz içine aldy. Wekiliýet Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Yslam Bilim, ylym we medeniýet guramasynda (ICESCO) synçy derejesini almagynyň strategik ähmiýetini nygtady. Bu ýagdaý bilelikdäki ylmy we medeni taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mundan başga-da, Aşgabat yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen energetika, ulag, söwda we maýa goýumlary ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.









