Raşid Meredow bilen Maka Boçorişwili «Merkezi Aziýa – Gruziýa» duşuşygynyň öňisyrasynda hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar


22-nji oktýabrda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Gepleşikler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň arasynda taryhda ilkinji gezek geçirilýän sebitleýin ministrler duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.
Gepleşikleriň esasy ugry şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekden ybarat boldy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sebitara üstaşyr ulag zynjyrlaryny giňeltmek hem-de Hazar we Gara deňizleriniň port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara meýdançalardaky, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem-de Merkezi Aziýa sebiti bilen Gruziýanyň arasyndaky institusional hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Batumi köptaraplaýyn forumynyň öňüsyrasynda garaýyşlary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
23-nji oktýabrda Batumi şäherinde Gruziýanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwili Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow gatnaşýar.









