

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler
8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli halkara çärelere — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda duşuşyk geçirildi




















