HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Oktýabr 15, 2026 | 00:15 |1780
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 17–22-nji oktýabr aralygynda Özbegistana we Hindistana sapar eder. Ol Samarkantda C5+1 duşuşygyna gatnaşyp, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirer.ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 17–22-nji oktýabr aralygynda Özbegistana we Hindistana sapar eder. Ol Samarkantda C5+1 duşuşygyna gatnaşyp, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirer.
Çeşme: rbc.ru

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 17–22-nji oktýabr aralygynda Özbegistana we Hindistana sapary amala aşyrar. Samarkant şäherinde ol «Merkezi Aziýa — ABŞ» (C5+1) formatyndaky duşuşyga gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Bu barada Reuters agentligi ABŞ-nyň Döwlet departamentine salgylanyp habar berýär.

Özbegistana saparynyň çäklerinde Rubio Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Amerikanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, sapara ABŞ-nyň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilinden ybarat wekiliýeti hem gatnaşar.

Duşuşyklarda ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garalmagyna garaşylýar.

C5+1 formaty ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny birleşdirýär hem-de sebitara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Özbegistandaky duşuşyklardan soň Rubio Hindistana ugrar. Habarlara görä, ol bu ýurtda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini hökümet wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026