HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Oktýabr 09, 2026 | 19:22 |1809
8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli halkara çärelere — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda duşuşyk geçirildi8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli halkara çärelere — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: tass.ru

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli halkara çärelere — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti rus liderini mähirli garşylap, çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berýär hem-de Awazadaky geçirilýän duşuşyklar açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garaýar.

Öz gezeginde, Wladimir Putin bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa salamyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň bardygyny bellediler. Syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Russiýanyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary şol sanda bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary biri-birlerine berk jan saglyk we döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Sadyr Žaparow Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Sadyr Žaparow Awazada gepleşikleri geçirdiler

18:42 Oktýabr 09, 2026
Awazada Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Awazada Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

18:41 Oktýabr 09, 2026