Aşgabatda täze lukmançylyk merkezleri ulanmaga berildi


10-njy oktýabrda paýtagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynyň giň gerimde ulanylmaga berilmegi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp toý sowgady boldy.
Döwlet Baştutany dabarada çykyş edip, adamyň saglygy barada alada etmegiň we sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugurlary bolup galýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwrüň içinde ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň innowasion ösüş derejesine ýetendigi, keselleriň öňüni almagyň we lukmançylyk kömeginiň ýokary standartlaryny üpjün etmegiň milli ösüş nusgasynyň esasyna öwrülendigi bellenildi.

Täze lukmançylyk binalary dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap, ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilendir we olaryň sebitde deňi-taýy ýokdur.
500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 20-den gowrak ýöriteleşdirilen bölümi özünde jemleýän köpugurly toplum bolup durýar. Bu ýerde ýurtda ilkinji gezek süňk ýiligini transplantasiýa etmek, pallatiw kömek bermek, şeýle hem radiofarmasewtiki we himioterapewtiki serişdeleri öndürmek boýunça bölümler döredildi. Merkez şöhle arkaly bejerişiň iň täze robotlaşdyrylan ulgamlary, emeli aň elementleri bilen enjamlaşdyrylan SPECT/CT we PET/CT gibrid tomograflary bilen üpjün edildi.
80 orunlyk Stomatologiýa merkezi «akylly» tehnologiýalary, robotlaşdyrylan kompýuter tomografiýasyny we CAD/CAM sanly diş tehniki barlaghanalary ulanmak arkaly ýöriteleşdirilen äň-ýüz we hirurgiýa kömegini berýär.
160 orunlyk Halkara Pediatriýa merkezi çagalaryň keselleriniň öňüni almaga, olary ýokary takyklyk bilen anyklamaga we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanyp bejermäge gönükdirilendir. Merkeziň düzümine ýöriteleşdirilen hirurgiýa, kardiorrewmatologiýa, newrologiýa we reanimasiýa bölümleri girýär.

Täze merkezler bilen tanyşlygyň dowamynda abraýly daşary ýurt guramalary we Germaniýanyň lukmançylyk klinikalary tarapyndan berlen halkara şahadatnamalary hem-de sylaglary gowşuryldy. Bu sylaglar täze desgalaryň ýokary hilini, innowasion enjamlaşdyrylyşyny we binagärlik taýdan kämilligini tassyklaýar. Olaryň hatarynda “German Design Award 2026” sylagy hem bar.
Dabaralaryň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow lukmançylyk merkezlerine sowgat hökmünde täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.









