Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary MA — Kawkaz arabaglanyşygy pugtalandyrmak barada ylalaşdylar


Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Bakuda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Diplomatlar sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ileri tutulýan çäreleri ylalaşdylar. Gepleşikleriň esasy ugry üç döwletiň bar bolan ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan we logistika ulgamyndaky tagallalary utgaşdyrmakdan ybarat boldy.
Taraplar Merkezi Aziýany Kawkaz bilen birleşdirýän we dünýä bazarlaryna çykalgany üpjün edýän ulag-üstaşyr infrastrukturasyny ösdürmek hem-de halkara geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara jikme-jik garadylar. Ministrler sebitde uzak möhletleýin durnuklylygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.







