Jemgyýet
Täze ýylda ilkinji çaga Arkadag şäherinde dünýä indi
02.01.2025
|11:55
|1955
Düýn Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinden täze ýylyň ilkinji buşluk habary gelip gowuşdy. Bu ýerde ýurdumyz boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilkinji çaga dünýä indi. Asylly däbe eýerip, oglanjyga onuň ata-enesi täze ýylyň ruhuna, şygaryna laýyk Parahat diýip at goýdular.
PETRONAS: “Baýramçylyk arzuwy” atly durmuş ugurly maksatnamasy — hereketde
30.12.2024
|13:30
|233
“Baýramçylyk arzuwy” maksatnamasynyň maksady ilatyň arasyndan hakyky we üýtgeşik arzuwy saýlamak hem-de durmuşda ösüş gazanmak üçin adama dürli ýollar bilen goldaw bermekdir. Bu başlangyç, işewirligiň durmuş jogapkärçiligi ýörelgesini öz içine alýan we kompaniýanyň ýerli jemgyýetleri ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýän zehinli we maksada okgunly türkmenistanlylary goldamaga gönükdirilendir
Forbes Education bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini atlandyrdy
30.12.2024
|13:10
|180
Forbes Education ilkinji gezek bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini kesgitlemek üçin bilim we magaryf ulgamynyň bilermenleriniň, dil biliminiň hünärmenleriniň, neşirleriň we ýöriteleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de hususy we döwlet mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda ses berme geçirdi.
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ “TürkmenÄlem 52° E” milli hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär
30.12.2024
|11:00
|385
“TürkmenÄlem 520 E” hemrasynyň serişdeleri aragatnaşyk hyzmatlary we sanly teleradioýaýlymlary guramak, VSAT ulgamlaryny, giň zolaklaýyn elýeterliligi döretmek, hemranyň tutýan zolagynda pudaklaýyn we korporatiw aragatnaşyk ulgamlaryny gurnamak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär.
ABŞ-nyň öňki prezidenti Jimmi Karter aradan çykdy
30.12.2024
|09:15
|236
ABŞ-nyň öňki prezidenti Jimmi Karter ýekşenbe güni 100 ýaşynda aradan çykdy. Onuň aradan çykmagy bilen häzirki prezident Jo Baýden we ýurduň saýlanan baştutany Donald Tramp öz gynançlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi
30.12.2024
|09:05
|338
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş arçasyna bardy
29.12.2024
|23:57
|314
28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň Baş arçasynyň ýanynda guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy hem-de bagtyýar ýaşajyk türkmenistanlylaryň şatlygyna goşuldy. “Älem” medeni-dynç alyş merkezi, Watanymyzyň dürli künjeklerinden iň zehinli we ýiti çagalaryň ýygnanan jadyly ertekisine öwrüldi
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ösüşi bilen tanyşdy
29.12.2024
|23:55
|186
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji dekabrda Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli özgerişleriň gidişi bilen tanyşdy
"Türkmenistan" awiakompaniýasy 30-njy we 31-nji dekabrda Moskwadan Aşgabada ýolagçylaryñ daşalmagyny amala aşyrar
29.12.2024
|20:45
|381
Ýolagçylaryñ daşalmagy Moskwa-Stambul böleginde üçünji tarap daşaýjynyñ çekilmegi bilen Moskwa-Stambul-Aşgabat alternatiw ugur boýunça amala aşyrylar. Bu barada awiakompaniýa sosial ulgamlarda habar berdi.
Hytaýyň özüne çekijiligi: Aşgabatdaky baýramçylyk kabul edişligi
29.12.2024
|19:50
|152
Şenbe güni paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hytaýyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Hytaýyň tagamyndan lezzet almak – medeniýetiň gözelligini gözlemek” atly dabaraly kabul edişlik geçirildi. Täze 2025-nji ýyly garşy almaga we Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan bu çäre myhmanlara Çynma-çynyň baý mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi