Iň täze habarlar

Lýuksemburgda Rim imperiýasy döwrüniň hazynasy tapyldy

19.01.2025 | 13:20 |
 Lýuksemburgda Rim imperiýasy döwrüniň hazynasy tapyldy

Lýuksemburgda arheologlar topary biziň eramyzyň 364-408-nji ýyllary aralygynda zikgelenen gizlin Rim altyn teňňelerini tapdylar. Tapyndylar ýurduň demirgazygyndaky Holstum obasynda ýasalypdyr. Bu açyş barada Milli arheologiki gözleg institutynyň (INRA) resmi web sahypasynda habar berilýär.

Topar ýerden 141 rim solidi çykardy (Rimiň altyndan teňňeleri). Şaýy pullarda Rim imperiýasynyň sekiz hökümdarynyň şekili ýerleşdirilipdir. Şolaryň arasynda 392-nji ýylda häkimiýeti bikanun zor bilen ele geçiren imperator Ýewgeniýiň bolmagy hünärmenleri geň galdylar. Ýewgeniniň hökümdarlygy bary-ýogy iki ýyl dowam edensoň, onuň keşbi ýerleşdirilen teňňeler gaty seýrek.

19012025_Римские_манеты.jpg

Arheologlar gaty seresaplylyk bilen gazuw-agtaryş işleri geçirendiklerini bellediler, sebäbi rim hazynalary bilen birlikde Holstum topragynda Ikinji jahan urşundan galan köp sanly ok we bombalary bar. Alymlar hazynany €308,6 müň möçberde bahalandyrdylar.

ORIENT news

Foto: gazeta.ru

Şeýle hem okaň: