Islam Mahaçew Renato Moýkanony wagtyndan öň ýeňdi we UFC-niň çempiony titulyny gorady
19.01.2025 | 17:13 |Russiýaly Islam Mahaçew Inglwud şäherinde (ABŞ, Kaliforniýa) geçirilen UFC 311 ýaryşynyň esasy söweşinde braziliýaly Renato Moýkanony ýeňdi.
Russiýaly türgen birinji döwde demikdiriji emeli ulanyp tutluşygy üstünlikli tamamlady. “EssentialSports” portalynyň habaryna görä, Russiýanyň çempiony Islam Mahaçewe bu söweş üçin azyndan 1,5 million dollar möçberinde pul baýragy kepillendirilýär.
Mahaçew UFC-da ýeňil agramda titulyny gorady. Ol dördünji çempionlyk guşagyny goramak üçin tutluşygy geçirdi. Moýkano, Arman Sarukýan bilen bolan tutluşykda alan şikesinden soň gysga wagtyň içinde söweşe girdi. Mahaçew 33 ýaşynda, ol 27 ýeňiş gazansy we MMA-da bir ýeňlişe sezewar boldy. 35 ýaşly Moýkanonyň hasabynda garyşyk söweş sungatynda 20 ýeňiş, bir deňme-deňlik we alty ýeňliş bar.
ORIENT news