“TikTok” ahyrsoňy işlemigini bes etdi
19.01.2025 | 13:30 |Şu gün, 19-njy ýanwarda, “TikTok” güýje giren kanun esasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda işlemegini resmi taýdan bes etdi.
“Gynansagam, bu entek “TikTok” ulanyp bilmejekdigiňizi aňladýar” – diýip, programma girjek bolanyňyzda habarnamada aýdylýar. Hyzmat “App Store”-de gözleg netijelerinde hem görünmeýär.
Ýakynda Tramp ABŞ-da bolup biläýjek gadagançylykdan öň “TikTok”-a 90 günlük yza süýşürmek mümkinçilikginiň berlip bilinjekdigini aýtdy.
“TikTok” – bu gysga wideo şekilleri döretmek we görmek üçin hyzmatdyr. Ol 2018-nji ýylda Hytaýyň “ByteDance” kompaniýasy tarapyndan döredildi. Diňe ilkinji bäş ýylda üç milliarddan gowrak gezek göçürilip alyndy. Hyzmat esasan mazmuny döretmegiň aňsatlygy we täsirli algoritm sebäpli meşhur boldy, ýagny gözleg soraglarynyň derňewi we görmegiň dowamlylygy, halanýanlaryň sanyna baglylykda islendik wideo çalt ýaýramaga mümkinçilik berýär.
ORIENT news