Ekodünýä
Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar
01.11.2022
|08:39
|2710
Gazagystanyň Almaty şäheri şu günler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Günorta Koreýanyň wekiliýetlerini kabul etdi. Olar Gazagystana Aziýanyň tokaý hyzmatdaşlygy guramasynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin ýygnandylar. Forumy geçirmek başlangyjy bilen Koreýanyň Tokaý gullugy çykyş edip, ýurtlar tarapyndan 2013-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen Tokaý senagatynda özara hereketler hakynda ähtnamanyň çäklerinde maslahaty gurady diýip, koreý habar beriş çeşmeleri ýazýarlar.
Ýewropa Birleşigi 2035-nji ýyldan täze benzin we dizel awtoulaglarynyň satuwyny gadagan edilmegini goldady
31.10.2022
|15:34
|850
Ýewroparlamentiň resmi saýtynda berilýän habara görä, Ýewroparlament we EB-ne agza ýurtlar 2035-nji ýyldan başlap täze benzin we dizel awtoulaglarynyň satylmagyny düýbünden gadagan edýän kanunyň kabul edilmegi barada deslapky ylalaşyga geldiler.
BMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň taslamasynyň çäginde aktiwistler Aşgabatda 90 tonna plastik galyndylaryny gaýtadan işlemäge tabşyrdylar
31.10.2022
|14:55
|967
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň we BMGÖM-iň başlangyjy bilen synag taslamasynyň iki tapgyrynyň dowamynda Aşgabatda 90 tonnadan gowrak plastik galyndylar sortlaşdyryldy we gaýtadan işlenildi – diýip, BMGÖM-nyň biziň ýurdumyzdaky hemişelik wekili Narine Saakýan «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda gürrüň berdi.
Aşgabadyň haýwanat bagynda nil krokodiliniň çagasy boldy
20.10.2022
|20:35
|1844
«MIR 24» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň haýwanat bagyndaky nil krokodiliniň jübütiniň çagasy boldy.
ABŞ-da Güni "garaňkylaşdyrmagyň" ýoly gözlenilýär
19.10.2022
|18:53
|1421
CNBC habar gullugynyň habar bermegine görä, Ak tamyň Ylym we tehnologiýa bölümi, Güni "garaňkylaşdyrmagyň" usullaryny öwrenmek üçin 5 ýyllyk gözleg taslamasyny meýilleşdirýär.
2022-nji ýylda dünýäde ulanyşdan galdyrylan jübi telefonlarynyň sany 5 milliard bolar
17.10.2022
|22:05
|1116
Ulanyşdan galdyrylan elektrik we elektron enjamlary halkara forumynyň habar bermegine görä, köp adam köne telefonlary gaýtadan işlemeýänligi sebäpli 2022-nji ýylda 5,3 milliard jübi telefony taşlanar.
Howa zerarly bosgunlar – olar kimler?
10.10.2022
|17:10
|2357
Göçmek – bu ahlak hem fiziki nukdaýnazardan, dürli sebäplere görä bar bolan ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşykly örän kyn karardyr. Biziň köpümiz habarlarda ol ýa-da başga sebäplere görä daşary ýurtlara göçüp barýan adamlary görendiris. «Gowy durmuş» gözläp, gaýry ýurtlara barýanlaryň ykbaly çüwüp hem biler, ýa-da olaryň takdyry ters gelip, öňünde goýan meýilleri şowsuzlyga duçar bolup biler, bu bolsa işi ugruna bolmadyk migrantlaryň sany boýunça dünýä statistikasyna goşant bolar.
Aşgabatda ilkinji gezek gözleglere we öňde duran meselelere bagyşlanan ekofestiwal geçiriler
30.09.2022
|00:48
|1517
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ilkinji gezek “Planetany bilelikde halas ederis” atly gözleglere we öňde duran meselelere bagyşlanan howa bilen baglanyşykly ekofestiwaly gurar diýip, diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
COP27: ekologiýa ulagy – aýratyn wajyp mesele
16.09.2022
|16:07
|1241
COP27-ä başlyklyk edýän Müsür 2022-nji ýylyň 6-18-nji noýabry aralygynda Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça Maslahaty üçin ulagy aýratyn wajyp mesele hökmünde kesgitledi.
Awazanyň myhmanhanalary “ýaşyl” ölçegleri ornaşdyrar
13.08.2022
|03:19
|2809
Hazaryň türkmen kenaryndaky Awaza deňiz şypahanasynyň myhmanhanalry “ýaşyl” ölçegleri ornaşdyrarlar. Munuň özi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde ýerine ýetirilýän “Durnukly şäherleriň ösüşi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň ösüşi” atly taslamada göz öňünde tutuldy.