Iň täze habarlar

Howa zerarly bosgunlar – olar kimler?

10.10.2022 | 17:10 |
 Howa zerarly bosgunlar – olar kimler?

Göçmek – bu ahlak hem fiziki nukdaýnazardan, dürli sebäplere görä bar bolan ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşykly örän kyn karardyr. Biziň köpümiz habarlarda ol ýa-da başga sebäplere görä daşary ýurtlara göçüp barýan adamlary görendiris. «Gowy durmuş» gözläp, gaýry ýurtlara barýanlaryň ykbaly çüwüp hem biler, ýa-da olaryň takdyry ters gelip, öňünde goýan meýilleri şowsuzlyga duçar bolup biler, bu bolsa işi ugruna bolmadyk migrantlaryň sany boýunça dünýä statistikasyna goşant bolar.

Sosiologiýa migrasiýanyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň we syýasatynyň meýillerini görkezmek bilen, geljekde dünýäniň nähili boljakdygyny kesgitleýän bir prosesdigi barada aýdýar. Şunda, bu meýiller hemişe maliýe zerurlygy ýa-da ýaragly çaknyşyklar bilen şertlendirilmeýär. Statistika «daşky gurşaw zerarly migrantlar» diýilýänleriň yzygiderli ösmeginiň demografiki sebitleşdiriş, ýagny ýer ýüzüniň zähmet gorlarynyň paýlanyşygy üçin çylşyrymly netijelere getirip biljekdigini görkezýär.

Климатические беженцы – кто они?

Geliň, göçüp-gonmaklygyň (migrasiýanyň) bu görnüşiniň aýratynlygy we onuň dünýädäki wakalaryň mundan beýläkki ösüşine nähili täsir edip biljekdigini has jikme-jik öwreneliň.

Ilki bilen, «parnik» täsiriniň çäklerinde we ösýän ýurtlaryň köpüsinde zyýanly önümçiligiň ýaýbaňlandyrylmagy bilen dünýäde howanyň gyzmagy diňe kagyz ýüzünde däl-de, eýsem hakyky howp bolup durýandygyndan başlalyň. Planetamyzdaky ortaça temperaturanyň hakykat ýüzünde ýyl-ýyldan ýokarlanmagy ähli howa zolaklarynda bolup geçýär, ol suw joşmasy we guraklyk ýaly betbagtçylyklara, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň deňagramlylygynyň bozulmagy, şeýle hem keselleriň täzeden täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna we olaryň mutasiýasyna (üýtgäp durmagyna) sebäp bolýar.

Hakykatdan hem çydamasy kyn bolan özgermeler millionlarça adamy öý-ojaklaryny terk etmäge mejbur edýär. Daşky gurşaw ýa-da howa zerarly bosgun bolanlaryň esasy bölegi kataklizm ýa-da weýrançylykly betbagtçylyk sebäpli öýlerini terk edenlerdir: taýfunlar, ýer titremeler, suw joşmalary we ş.m. Şeýle-de bolsa, daşky gurşaw zerarly bosgunlaryň umumy köplüginiň bir bölegi migrasiýanyň ähli görnüşlerinden düýpgöter tapawutlanýar.

Howa zerarly bosgunlara häsiýetnama bermeli bolsa, olar asla adaty däl: olaryň köpüsi gurply adamlar, olaryň ýaşaýyş jaýy we gowy işleri bar, köplenç halatlarda maşgalasy bar. Göräýmäge bosgunlyk derejesine asla degişli bolmadyk adaty adamyň durmuşy üçin onuň hemme zady bar ýaly. Olaryň göçmeginiň ýeke-täk we, ähtimal, jedelli sebäbi bar, ol hem ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň kem-kemden üýtgeýänligidir.

Aw edilýän jandarlaryň azalmagy, tokaýlaryň çapylmagy ýa-da agaçlaryň köpçülikleýin guramagy, çybynlaryň köpelmegi ýa-da howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy - bularyň hemmesi göçmek ýaly çynlakaý ädim ätmegiň hakyky sebäbi bolup biler. Elbetde, daşky gurşaw zerarly bosgunlarynyň bu görnüşiniň möçberi uly däl, ýöne olaryň paýynyň köpelmegi ekologik zolaklarda ýaşamagyň ähmiýetiniň we adamlaryň has köp zat sarp etmek isleginiň artýandygyny görkezýär.

Климатические беженцы – кто они?

Geljek üçin şeýle oýlanyşykly strategiýa dünýädäki güýçleriň deňagramlylygyny düýpgöter üýtgedip biler: adamlar has amatly howa şertli, ýöne ösüp barýan ýurtlara degişli bolan döwletlere göçýärler. Öňdebaryjy pudaklary bolan we oňaýly howa şertleri bolmadyk ösen ýurtlar şeýle «gurply» bosgunlaryň esasy çeşmesidir. Öz nobatynda, ösen ýurtlaryň özlerinde hem, başda agzalyp geçilişi ýaly, «has gowy durmuşy» gözleýänlerden doludyr.

Bilermenleriň baha bermeklerine görä, 2050-nji ýyla çenli daşky gurşaw zerarly bosgunlarynyň sany 200 million adama çenli artyp biler. Bu san geljekde dünýäniň köp ýerinde bolup biläýjek tebigy betbagtçylyklar we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly. Diňe daşky gurşawa baglylykda howa zerarly migrasiýanyň dünýä syýasatyna we ykdysadyýetine dürli-dürli täsir edip bilýär. Ösen ýurtlar Afrikanyň, Latyn Amerikasynyň we Aziýanyň iň uly ýurtlary bilen ylalaşmaga mejbur bolýarlar, sebäbi ekologik taýdan oňaýly iň uly sebitleriň köpüsi dünýäniň hut şu künjeklerinde ýerleşýär.

Arslan MAMEDOW
Surat: unsplash.com

Şeýle hem okaň: