Iň täze habarlar

Aşgabadyň haýwanat bagynda nil krokodiliniň çagasy boldy

20.10.2022 | 20:35 |
 Aşgabadyň haýwanat bagynda nil krokodiliniň çagasy boldy

«MIR 24» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň haýwanat bagyndaky nil krokodiliniň jübütiniň çagasy boldy.

Krokodilden nesil almak üçin haýwanat bagynyň işgärleri tomsuň başynda öz seredýän jandarlarynyň ýumurtgalaryny inkubatorda goýdular. Krokodil çagasy 120 günden soň ýumurtgadan çykdy. Häzir çaga krokodil aýratyn terrariumda karantinde saklanýar, birneme gurplanandan soň bolsa ol bu ýere myhmanlara görkezmek üçin çykarylar.

«Nil krokodilleriniň ýumurtgalary örän gaty bolýar, ýöne inkubasiýa wagtynda gabyk gitdigiçe ýukalýar. Wagty gelende, krokodil gabygy çeýnäp, öz «öýjagazyndan» çykmagy başardy we gurbagalaryň çykarýan sesine meňzeş ses çykaryp başlady» - diýip, gezelençleriň ýolbeledi Şirin Berdiýewa gürrüň berýär. Bu Aşgabadyň haýwanat bagynda nil krokodilleriniň ýumurtgalarynyň ilkinji goýulyşydyr – diýip, ol nygtady.

Ýaňy-ýakynda Afrikanyň yklymynyň çäklerinde ýabany tebigatda ýaşaýan žiraflaryň jübütiniň türkmeniň paýtagtyndaky haýwanat bagynda ilkinji çagasy hem peýda boldy.

2010-njy ýylda açylan Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýi 40 gektardan gowrak meýdany tutmak bilen, sebitde iň uly haýwanat bagydyr. Onuň çäklerinde haýwanlaryň 250-den gowrak görnüşi bar. Olaryň köpüsi Gyzyl kitaba girizilendir.

ORIENT news
Surat: pinterest.co.uk

Şeýle hem okaň: