Ekodünýä
Balkan welaýatynda täze gidrotehniki desga açylyp, ulanyşa berildi
23.03.2023
|11:47
|946
Garagum derýasynyň 1002-nji kilometrinde suw akymyny kadalaşdyrmak üçin täze gidrotehniki desgany Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açdylar - diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Türkmenistanda bag oturtmak – 2023 kampanaiýasyna badalga berildi
18.03.2023
|13:10
|1206
Şu gün Türkmenistanda däp boýunça ýylda iki gezek – baharda we güýzde geçirilýän giň gerimli bag oturtmak kampaniýasy başlandy. Agaç nahallaryny oturtmak çäresine dürli edardyr guramalaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Aşgabatda ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň Klimatik toparynyň nobatdaky ýygnagy geçdi
18.03.2023
|11:23
|1001
Türkmenistanyň hökümetiniň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň çäklerinde özüniň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki tagallalaryny goldamak boýunça dialogy dowam etdirmek üçin ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň Klimatik toparynyň bäşinji Utgaşdyryjy ýygnagy geçdi.
BMG-niň bilermenleri Daşoguzyň bagbanlary üçin okuw geçirdiler
16.03.2023
|17:09
|954
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky bilermenleri Daşoguzyň S. Türkmenbaşy etrabynyň bagbanlary üçin okuw geçirdiler – diýip, ýurtdaky BMGÖM-nyň wekilhanasy öz Instagram sahypasynda habar berýär.
Beýik Britaniýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen ýaşyl energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler
14.03.2023
|10:14
|817
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri Türkmenistanyň döwlete degişli düzümleriniňwekilleriniň Beýik Britaniýanyň degişli ugurdaky kompaniýalary bilen geçiren tegelek stolunyň esasy temasy boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.
Türkmenistan we Eýran çölleşmä garşy göreşde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar
11.03.2023
|13:56
|1134
Türkmenistanyň DIM-nyň baştutany Raşid Meredow we Eýranyň Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde, hususan-da, çölleşmä we çägeli tupanlara garşy göreşmekde tagallalaryň birleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdylar.
Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we «Ýaş tebigatçy» suratlaryň bäsleşigini geçirýärler
11.03.2023
|10:20
|4364
22-nji martda bellenip geçilýän Suw serişdeleriniň halkara gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde suratlaryň bäsleşigini geçirýär.
Aral deňzindäki suwuň derejesi ýarym metre golaý ýokarlandy
07.03.2023
|12:10
|1238
Takyk aýdylanda, Aral deňzindäki suwuň derejesi 48 sm ýokarlandy – diýip, Gazagystanyň Gyzylorda oblastynyň akimatynyň resmi saýty habar berýär.
Umman şertnamasy: on ýyllyk gepleşiklerden soň gazanylan taryhy ylalaşyk
06.03.2023
|01:15
|1643
Ýurtlar 10 ýyllyk gepleşiklerden soň dünýä ummanyny goramak boýunça taryhy ylalaşygy gazandylar. Açyk deňiz şertnamasy, deňizleriň ýaşaýşyny goramak we tebigatyny dikeltmek üçin 2030-njy ýyla çenli olaryň 30 göteriminiň goralýan ýerlere öwrülmegini maksat edinýär.
Germaniýanyň Hytaýdan gün enjamlaryny satyn almagy 2022-nji ýylda €3,1 mlrd-dan geçdi
03.03.2023
|15:46
|1016
2022-nji ýylda Germaniýa gün elektrik stansiýalary üçin €3,6 mlrd möçbere golaý enjam satyn aldy, şunda Hytaýdan satyn alnan enjamlaryň möçberi €3,1 mlrd-dan biraz geçdi, bu bolsa umumy importyň 87% deňdir. Bu barada Federal statistika müdirligi Destatis habar berýär.