Medeniýet

Türkmen şahyrlary Gyrgyzystanda halkara baýragyna mynasyp boldylar
02.06.2025
|11:00
|29
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde geçirilen we takmynan 50 gatnaşyjyny ýygnan türki dünýäsiniň şygyryýeti boýunça halkara “Žaşyl aalam” atly bäsleşik-festiwalynda iki ýaş türkmen şahyry Muhammet Bekgiew we Dañatar Galpakow ýeňiji boldy.

Şweýsariýaly režissýor-dokumentalist Türkmenistanyň Bitaraplygy barada film düşürer
29.05.2025
|23:43
|53
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Şweýsariýanyň meşhur režissýor-dokumentalisti we “Climage” kino kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefan Goel bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu geçirilen duşuşyk dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasyny ýene bir gezek tassyklady

Aşgabatda hindi tans we aýdym-saz toparynyň konserti geçiriler
29.05.2025
|12:10
|168
Bu ajaýyp çäre 2-nji iýunda, duşenbe güni Aşgabatdaky “Watan” kinokonsert merkezinde geçiriler.

Aşgabatda "Buratino" aýdym-saz ertekisi ýerine ýetiriler
27.05.2025
|11:15
|175
14-nji iýunyñ agşamsyna Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiñ ýolbaşçylygyndaky orkestriñ ýerine ýetirmeginde "Buratino" aýdym-saz ertekisi görkeziler.

Türkmen artistlerine Dagystanda geçiriljek “Daglylar” halkara festiwalynda garaşylýar
25.05.2025
|02:48
|92
Türkmenistandan döredijilik topary 11-16-njy iýun aralygynda Dagystan Respublikasynda (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek “Daglylar” atly XXIII falkýor we däp-dessurlar medeni halkara festiwalyna gatnaşar. Bu barada Dagystanyň Hökümetiniň festiwalyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan ýygnagynda mälim boldy

Dostlugyň aýdyň ýollary: Tbiliside türkmeniň halyçylyk sungaty bilen tanyşýarlar
24.05.2025
|02:48
|158
Tbilisidäki “Ahundowyň öýi” galereýasyn 23-nji maýda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ajýyp halyçylyk sungatynyň ýaýbaňlandyrylan ýerine öwrüldi. Iki ýurduň milli haly baýramlaryny birleşdirip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gruziýadaky ýerleşýän ilçihanalary Merkezi Kawkaz bilen çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklary görkezýän bilelikdäki sergini gurnady

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambuldaky etnosport festiwalynda şöhle saçýar
23.05.2025
|23:05
|199
22-nji maýda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly badalga aldy. Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan gurnalan bu çäre, 35 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda “Atatürk” howa menziliniň çäginde geçirilýär. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy

Halkara talyp teatrlarynyň festiwaly türki halklarynyň ýaşlaryny birleşdirdi
23.05.2025
|18:40
|145
Almaty şäherinde «Tyrki Dünýäsi» atly III Halkara talyp teatrlarynyň festiwaly öz işini tamamlady. Festiwala Azerbaýjan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Türkiýeden döredijilikli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan, ýaş aktýorlardan we režissýorlardan ybarat 100-den gowrak wekil gatnaşdy

Aşgabatda Türk aşhanasynyñ hepdeligi bellenildi
21.05.2025
|22:00
|150
Şu gün, 21-nji maýda, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hemişelik oturýan ýerinde Türk aşhanasynyň hepdeligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistanyň mekdep kitaphanalary: okyjylyk medeniýetini we döredijilikli pikirlenmäni ösdürmekdäki goşandy
20.05.2025
|19:10
|137
Möhüm seneler we baýramçylyklar mynasybetli mekdep kitaphanaçylary tarapyndan guralýan köpçülikleýin çäreler we kitap sergileri ösüp gelýän ýaş nesilde okamak söýgüsini kemala getirmekde hem-de okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmesini ösdürmekde möhüm ýer eýeleýär