Türkmenistanda iň gowy alabaý yglan edildi – bäsleşigiň ýeňijisi
27.10.2025 | 00:25 |26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen Türkmen alabaýynyň baýramy dürli öwüşginli dabaralar bilen tapawutlandy. Bu ýerde, amaly-haşam sungaty eserleriniň, halk senetçiliginiň, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde türkmen alabaýynyň keşbi aýratyn orny eýeledi.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem kinologlar we itşynaslar, daşary ýurtly wekiliýetle bar. Alabaýyň güjüjikleri serginiň janly eksponatyna öwrülip, özüniň dostlukly häsiýeti bilen ýygnananlaryň göwnüni göterdiler.

Dabaranyň iň esasy wakasy – “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginiň jeminiň jemlenilmegi boldy. Bäsleşik geçirilýän meýdança öwredilen endikleri we başarjaňlygy bilen deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan, ýurduň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Bäsleşige gatnaşýan alabaý itleri päsgelçilikli zolaklary mynasyp ýeňip geçdiler, Bu ýerde olaryň tizlik we dürslük görkezijilere, hüşgärlige baha berildi hem-de şeýle hem beýleki tapşyryklary ýerine ýetirildi.

Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy Orazmyrat Saparowdyr.

Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, bäsleşigiň göçme kubogy bilen sylaglanyldy. Itşynas zähmetine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak ugurdaky işleri mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Ýeňiji bolan alabaý itlerini sylaglamak dabarasy bilen bir hatarda türkmen alabaýynyň daşky keşbini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri hem yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhammedowyň adyndan dürli ugurlaryň wekilleri: halyçylar özleriniň iň nepis halysy üçin, neşirýat we bezeg işgärleri - iň gowy neşir önümi üçin, teleoperatorlar – türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet üçin baýraklara eýe boldylar.
ORIENT