Iň täze habarlar

Nvidia RTX PRO 5000 Blackwell tizleşdirijisini täzeledi

24.10.2025 | 16:45 |
 Nvidia RTX PRO 5000 Blackwell tizleşdirijisini täzeledi

Nvidia kompaniýasy RTX PRO 5000 Blackwell tizleşdirijisiniň täze modifikasiýasyny yglan etdi, ol professional ulanyjylar üçin niýetlenendir. Täze görnüş 72 GB GDDR7 ýady bilen üpjün edildi — bu adaty 48 GB görnüşinden 50% köpdir.

Ýadyň göwrüminiň artmagy esasy üýtgeşiklik bolup durýar. Tizleşdiriji öňküsi ýaly GB202 grafiki prosessorynda gurulyp, 14 080 CUDA ýadrosyna we 384 bitli maglumat gurşawyna eýedir.

Professional bazar üçin örän peýdaly tarapy - 72 GB görnüş öňküsiniň — 48 GB görnüşiniň — energiýa sarp edişini we ýadyň geçirijilik ukybyny doly saklap galdy. VRAM-yň artmagy hünärmenlere uly maglumat modelleri, çylşyrymly 3D sahnalar we emeli aň boýunça giň gerimli meseleler bilen has netijeli işlemäge mümkinçilik berýär.

Nvidia RTX PRO 5000 72GB Blackwell modeli adaty görnüşinden has gymmat bolmagyna garaşylýar, emma häzirki wagtda anyk bahasy aýdylmady.

ORIENT

Foto: Nvidia

Şeýle hem okaň: