Iň täze habarlar

Türkmen we ukrain ýokary okuw mekdepleri atçylyk ugurynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýarlar

26.10.2025 | 23:45 |
 Türkmen we ukrain ýokary okuw mekdepleri atçylyk ugurynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýarlar

Oktýabr aýynyň 24-ne Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy (Türkmenistan) bilen Ukrainanyň Biologik serişdeler we tebigatdan peýdalanmak milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama atçylyk ulgamyna degişli ylmy, bilim we innowasion tehnologiýalar babatynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny resmi taýdan berkidýär.

Gol çekişlik dabarasy wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa iki ýokary okuw mekdebiniň rektorlary — Pygy Baýramdurdyýew we Wadim Tkaçuk, şeýle hem degişli edaralaryň wekilleri we Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Taraplaryň wekilleriniň belläp geçişleri ýaly, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli we tapgyrlaýyn işleriň netijesinde emele geldi. Şol işleriň çäklerinde türkmen tarapy ukrain uniwersitetiniň tehniki binýady we okuw ugurlary, şol sanda işjeň hereket edýän Okuw-ylmy-önümçilik atçylyk barlaghanasy bilen tanyşdy.

Rektor Wadim Tkaçuk Ukrainanyň milli uniwersitetiniň netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur bolan ähli mümkinçiliklere — barlaghanalara we atçylyk toplumlaryna eýedigini belläp, türkmen kärdeşlerini hut özlerini sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Öz gezeginde, rektor Pygy Baýramdurdyýew Türkmenistanda atçylyk ulgamyny ösdürmek, meşhur ahalteke tohum atlarynyň arassalygyny gorap saklamak hem-de at sportyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli döwlet çäreleri barada aýtdy we ukrain kärdeşlerini Türkmen bedewiniň güni mynasybetli geçirilýän halkara sergilere hem-de ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar gol çekilen Ähtnamanyň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda ylym-bilim babatdaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we atçylyk ugrunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Foto: ihba.edu.tm

Şeýle hem okaň: