Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýany Milli güni bilen gutlady
26.10.2025 | 23:57 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany gutlagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtaýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini belledi we Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstriýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.