Iň täze habarlar

Türkmenistanyň nebit senagaty Hazarda halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda

26.10.2025 | 22:50 |
 Türkmenistanyň nebit senagaty Hazarda halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda

«Türkmennebit» döwlet konserni Hazar deňzinde maýa goýum hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Ýurdumyzyň açyk we maýa goýumlar üçin özüne çekiji döwletdiginiň subutnamasy hökmünde şu ýylyň maý aýynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen PETRONAS Carigali hem-de ADNOC XRG kompaniýalarynyň arasynda I Blok boýunça önüm paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga (ÜPY) gol çekildi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» halkara forumynda çykyş edip, bu ylalaşygyň Hazar deňziniň türkmen böleginde hyzmatdaşlygyň täze, strategiki ähmiýetli tapgyryny alamatlandyrýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, umumy alnan hasap boýunça 71 milliard tonnadan gowrak nebit deňagramly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistan ygtybarly energetika hyzmatdaşydyr.

Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň arasyndaky sebit energetika merkeziniň derejesindäki ornuna ünsi çekip, möhüm bloklar boýunça täzelenen geologik we geofiziki maglumatlaryň, açyk hukuk we şertnama binýadynyň, şeýle hem ýeňilleşdirilen fiskal we gümrük şertleriniň häzirki wagtda geologik barlag işlerini hem-de uzak möhletleýin maýa goýumlaryny amala aşyrmak üçin iň amatly şertleri döredýändigini nygtady.

Global energetika geçişiniň ugrunda Türkmenistan nebitgaz pudagyny işjeň üýtgedip, ýokary goşmaça gymmatlykly önümleriň öndürilmegine aýratyn üns berýär. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň giň gerimli döwrebaplaşdyrylmagynyň netijesinde «Ýewro» standartlaryna laýyk ýangyçlary, polipropileni we bitumy öz içine alýan ýokary harytlyk önümleriň önümçiligi ep-esli artdy.

Mundan başga-da, arassa energiýanyň dünýä üpjünçilik zynjyrynyň möhüm böleklerini emele getirýän polimerleriň we himiki çig malyň önümçiligini has giňeltmäge mümkinçilik berjek täze toplumlaýyn nebit-himiki toplumynyň gurluşygy boýunça meýilnamalara hem garalýar.

Amaly netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserni öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we emeli aň (AI) elementlerini işjeň ornaşdyrýar. Akylly guýularyň, çaklama-derňew ulgamlaryň we sanly modelirleme usullarynyň ulanylmagy geologiýa barlaglary, guýy burawlama we ýataklaryň işlenilmegi boýunça netijeliligi birnäçe esse artdyryp, işleriň togtamagyny azaldýar hem-de çykdajylary peseldýär.

Ekologiýa jogapkärçiligi aýratyn ünsde saklanylýar. Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça global borçnamalaryň çäginde konsern zyňyndylary yzygiderli gözegçilikde saklamak we azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär, ugurdaş ýangyn gazyň gaýtadan peýdalanylyşyny giňeldýär.

Bu ädimler Türkmenistanyň durnukly senagat ösüşiniň ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklaýar we has arassa, akylly hem-de jogapkär önümçiligi üpjün edýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy ýurt tarapyndan şelf taslamalarynda, nebit-himiki pudagynda we arassa energetika ugurlarynda halkara maýadarlary, tehnologiýa kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyga giň ýol açylýandygyny ýene-de bir gezek belläp geçdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: