Iň täze habarlar

Konfessiýalar arasyndaky dialog | Russiýanyň Prawoslaw Buthanasynyň Arhiýepiskopynyň Türkmenistana sapary

24.10.2025 | 22:20 |
 Konfessiýalar arasyndaky dialog | Russiýanyň Prawoslaw Buthanasynyň Arhiýepiskopynyň Türkmenistana sapary

13–20-nji oktýabr aralygynda Russiýanyň Prawoslaw Buthanasynyň Türkmenistandaky Patriarhlyk wekilhanasynyň wagtlaýyn dolandyryjysynyň arhiýepiskopçylyk sapary geçirildi. Arhiýepiskop Feofilaktyň sapary birnäçe möhüm wakalar bilen bellenilip, ýurdumyzda dini ynançlaryň arasyndaky parahatçylygyň pugta ornaşandygyny we döwletiň sabyr-takatlylyk syýasatyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Arhiýepiskop Mary, Baýramaly we Tejen şäherlerinde, şeýle hem Aşgabadyň birnäçe ybadathanasynda dini gulluklary ýerine ýetirdi. Saparyň ilkinji güni Mary şäherindäki Pokrow ybadathanasynyň 125 ýyllygy giň gerimde bellenildi. Bu baýramçylyk çäresi ýurduň ähli künjeginden gelen ruhanylary jemläp, Hristian dininiň türkmen topragyndaky taryhy kökleriniň gadymylygyny açyp görkezdi. Şeýle hem bu waka Hristian jemgyýetiniň biziň eýýamymyzdan öň I asyrda hem bar bolan gadymy Ýegegowak şäherine edilen zyýarat bilen berkidildi.

turkmenistan-mezhkonfessionalny-dialog-rpts (1).jpg

Saparyň iň möhüm pursatlarynyň biri, ylalaşygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde, arhiýepiskop Feofilaktyň Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew bilen geçiren duşuşygy boldy. Duşuşykda däp bolan dini jemgyýetleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmegi berkitmek meseleleri hormat goýmak we parahatçylyk ruhunda ara alnyp maslahatlaşyldy. Arhiýereý müftini we ähli musulmanlary Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäginde arhiýepiskop Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin we Belarus Respublikasynyň ilçisi Stanislaw Çepurny bilen duşuşyklary geçirip, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdy.

Arhiýereý Aşgabadyň Nikolskiý ybadathanasynyň çäginde Türkmenistandaky Apostol nunsiaturasynyň dolandyryş meseleleri boýunça attaşesi Pawel Ýanuş Kubiak bilen duşuşdy.

Feofilaktyň saparyna aýratyn ruhy öwüşgin beren waka bolsa, Türkmenistandaky buthanalara täze mukaddeslikleriň getirilmegi boldy. Bu, ýurduň prawoslaw jemgyýeti üçin ruhy sowgat hökmünde kabul edildi.

turkmenistan-mezhkonfessionalny-dialog-rpts (3).jpg

Geçirilen sapar Türkmenistanda dini takatlylygyň we konfessiýalar arasyndaky gepleşikleriň diňe daşary syýasatyň şygary däldigini, eýsem taryh boýunça kemala gelen medeni gatnaşyklaryň ýaşaýyş derejesindäki hakykatdygyny aýdyň görkezdi.

Ýurdumyzyň prawoslawlardan başlap musulmanlara çenli ähli dini jemgyýetleriň arasynda parahatçylykly gatnaşygy we işjeň özara täsirleşmegi üpjün edip bilýän ukyby — döwlet derejesinde berk ornaşan ynsanperwerlik, parahatçylyk we bitaraplyk syýasatynyň gönüden-göni beýanydyr.

Çeşme: Russiýanyň Prawoslaw Buthanasynyň Pýatigorsk we Çerkessk ýeparhiýasy

ORIENT

Foto: blago-kavkaz.ru

Şeýle hem okaň: