Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň 16-njy sessiýasyna gatnaşdy
24.10.2025 | 14:30 |19-23 oktýabr aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) 16-njy sessiýasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti esasy ykdysady forumlaryň işine işjeň gatnaşdy.
20-nji oktýabrda ministr N.Agahanow plenar mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň açyk, özara bähbitli hem-de durnukly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine ygrarlydygyny nygtady, şeýle hem ösüp barýan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini belledi. Bu bolsa ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan wekiliýetiniň işiniň möhüm ugurlary panel ara alyp maslahatlaşmalara we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (LLDC) boýunça geçirilen ýörite maslahata gatnaşmagy boldy. Bu çärede ministrler ulag we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi baradaky bilelikdäki beýanaty kabul etdiler. Munuň özi Türkmenistanyň multimodal ulag geçelgelerini döretmek strategiýasyna doly gabat gelýär.
Forumyň meýdançalarynda möhüm ikitaraplaýyn gepleşikler hususan-da ÝUNKTAD-yň Baş sekretary Rebekka Grinspan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda sanly söwda ulgamynyň ösdürilmegini, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegini we ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Ženewa bitaraplyk merkeziniň, Şweýsariýanyň Birleşen söwda edarasynyň (JCC) hem-de Halkara söwda merkeziniň (ITC) wekilleri bilen konstruktiw duşuşyk geçirildi. Bu gepleşikleriň esasy temalary hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, türkmen eksportyny täze bazarlara çykarmak üçin amaly ädimler we durnukly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda habar berildi.

Türkmenistanyň ÝUNKTAD-yň 16-njy sessiýasyna gatnaşmagy we Ženewada geçirilen netijeli gepleşikler ýurduň amaly ykdysady diplomatiýasyny tassyklady. Geçirilen duşuşyklar diňe bir Türkmenistanyň ählumumy söwdada işjeň gatnaşyjy hökmündäki ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem esasy sanly we institutsional gurallara elýeterliligi giňeltdi. Bu ýurduň daşary ykdysady gatnaşyklaryny has netijeli diwersifikasiýalaşdyrmaga, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini halkara ykdysady amallara ornaşdyrmaga we Merkezi Aziýadaky deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin möhüm logistika merkezi hökmündäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.
ORIENT