Iň täze habarlar

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topary duşuşdy

14.10.2025 | 02:05 |
 Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topary duşuşdy

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Wekiliýetlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlisiniň açylyşynda Marat Husnullin taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin işjeň işlemäge taýýardyklaryny mälim etdi. Rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň berk binýadynyň bardygyny we depginli ösüşi görkezýändigini şeýle hem söwda dolanyşygynyň şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda 30% -den gowrak ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydygny belledi.

mezhpravkomissiya-turkmenistan-rossiya-ashhabad (2).jpeg

Rus tarapy, Russiýanyň elektron söwda ulgamynyň türkmen bazaryna girmegi bilen birlikde göwrümini has giňelmek mümkinçiligini görýär. Husnullin şeýle hem esasy pudaklarda rus işewürliginiň şol sanda “KamAZ”-yň işi we nebitgaz pudagy üçin enjamlar bilen üpjün etmekde üstünlikli alnyp barýan işleri belläp geçdi.

Öz gezeginde Nökerguly Atagulyýew rus bazarynyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridigini tassyklady. Ol türkmen önümlerini import we eksport etmäge gyzyklanma bildirdi şeýle hem senagat, sanlylaşdyrmak we oba hojalygyndaky ähmiýetli mümkinçiligi belläp geçdi. Türkmenistan şeýle hem bitewi bilim ulgamyny döretmek üçin Russiýanyň sanly çözgütlerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär.

mezhpravkomissiya-turkmenistan-rossiya-ashhabad (3).jpeg

Mejlisiň dowamynda ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine, şol sanda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamalaryny artdyrmaga we “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça işlemäge aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijileri boýunça resminamalaryň giň bukjasyna şol sanda Hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleýji Teswirnamasyna gol çekildi. Gol çekilen ylalaşyklaryň arasynda: iki ýurduň gümrük gullugynyň arasynda gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça resminama, Sankt-Peterburgyň we türkmen haryt-çig mal biržalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk, şeýle hem bilim, oba hojalygy we atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meýilnamalary bar.

mezhpravkomissiya-turkmenistan-rossiya-ashhabad (4).jpeg

Toparyň işine rus tarapyndan degişli edaralaryň we kompaniýalaryň 50-den gowrak wekili gatnaşdy. Hökümetara toparyň mejlisiniň çäginde Aşgabat bilen Sankt-Peterburg şäherleriniň häkimlikleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Husnullin žurnalistler bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Russiýanyň türkmen oba hojalyk önümleri bilen üpjünçiligini artdyrmak isleýändigini aýtdy we taraplar oba hojalyk önümleriniň iberilişini çaltlaşdyrmak we göwrümini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary RF-de türkmen pomidor önümlerine bolan islegiň ýylsaýyn artýandygyny belledi.

Ol şeýle hem, Türkmenistanyň nebithimiýa desgalary üçin maşyngurlyşyk önümleri we turba önümleri bilen üpjün etmek meselesinde Russiýa taryhy taýdan gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Saparyň çäginde Marat Husnullin täze akylly Arkadag şäherine baryp gördi we bu ýerde türkmen kärdeşleriniň toplumlaýyn çäk ösüşindäki tejribesi, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen tanyşdy.

ORIENT

Foto: government.ru

Şeýle hem okaň: