Aşgabatda ilkinji italýan diliniň CELI şahadatnama merkezi açylar
08.10.2025 | 16:35 |Aşgabatda 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň çäginde ilkinji we ýeke-täk italýan dili boýunça CELI şahadatnama merkeziniň resmi açylyş dabarasy geçiriler. Bu çäre «Iş Nokady» kompaniýasy tarapyndan Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň goldawy bilen guralýar.
Merkez ýurdumyzyň raýatlaryna italýan dili boýunça halkara derejesindäki CELI (Certificato di Lingua Italiana) synagyny tabşyrmaga mümkinçilik berer. Bu synag diliň başlangyçdan ýokary derejä çenli özleşdiriliş derejesini tassyklaýar. Italiýada we beýleki Ýewropa döwletlerinde resmi taýdan ykrar edilýän bu şahadatnama, okuw, işe ýerleşmek we akademik hyzmatdaşlyk ugurlarynda giň mümkinçilikleri açýar.
Açylyş dabarasyna Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynda CELI synaglaryny geçirmäge jogapkär bolan Peruja şäherindäki Daşary ýurtlular uniwersitetiniň rektory gatnaşar. Dürli çykyşlar, duşuşyklar, pikir alyşmalar we Italiýa ruhundaky medeni bölüm bu çärede ýer alar.
Çäre «Arkaç» işewürlik merkezinde (2-nji gat, «Iş Nokady» koworking merkezi) geçiriler. Başlanýan wagty – sagat 16:00. Giriş erkin.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +993 (63) 48 53 80 we +993 (63) 42 17 05.
ORIENT