Oguz han adyndaky uniwersitetiň wekiliýeti Ýaponiýada suw arassalaýyş tejribesini öwrenýär
06.10.2025 | 15:00 |Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 2–8-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýada iş saparynda bolýar.
Saparyň esasy maksady — suw arassalamak, hapa suwlary gaýtadan işlemek we duzsyzlandyryş ulgamlary ýaly örän wajyp ugurlar boýunça öňdebaryjy ylmy gazanylanlary hem-de dünýä tejribesini öwrenmekdir.
Bu sapar Oguz han adyndaky uniwersitet bilen Ýaponiýanyň “Tohkemy Corporation” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Bu korporasiýa dünýäniň suw pudagy boýunça ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän we ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrýan öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.
Ýapon hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda türkmen uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlygy berkitmek we bilelikdäki hereketleriň anyk meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine üns berdiler.
Taraplar Türkmenistanda göçme duzsyzlandyryş desgalaryny we hapa suwlary gaýtadan işlemegiň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki iş mümkinçiliklerini aýratyn bellediler.
Bu iş sapary uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekdäki möhüm ädimi bolup durýar. “Tohkemy Corporation” kompaniýasynyň öňdebaryjy tejribesini we innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmek, dünýäniň iň oňat tejribelerini okuw prosesine ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzyň suw hojalygy ulgamynda döwrebap we döredijilikli pikirlenýän ýaş inženerleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar.
ORIENT