Döwran Şammyýew “Silk Way Star” aýdym-saz bäsleşiginde ilkinji üçlüge girdi
22.09.2025 | 15:10 |20-nji sentýabrda Gazagystanda 12 ýurtdan zehinli aýdymçylary bir ýere jemlän giň göwrümli aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji gezek görkezilişi boldy.
Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistana bäsleşikde meşhur ýerine ýetiriji Döwran Şammyýew wekilçilik edýär. Halkara eminler toparynda hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Resull Gylyjow iş alyp barýar. Premýera bölüminde Şammyýew «Eşityäñmi olary» awtorlyk eserini ýerine ýetirdi. Halkara eminler tarapyndan berlen sesleriň netijesinde ol 120 bal toplap, ilkinji üçlüge girmegi başardy.
Birinji bölümde öňdebaryjylygy 126 bal bilen Malaýziýadan gatnaşan aýdymçy gazandy. Ikinji orny bolsa 122 bal bilen Özbegistandan gelen aýdymçy eýeledi. Öňde entek 9 bölüm bar.
Bu şowhunly bäsleşigiň dürli ýumuşlary, medeni duetleri, onlarça dilde aýdylýan aýdymlary we ilkinji köpdilli ýyldyzyň parlajak dabaraly konserti öz içine alýandygyny belläp geçmeli. Taslama jemi 10 bölümden ybarat bolup, her bölüm 100 minutdan gowrak dowam edýär.
Bäsleşik her hepde ýaýlymda görkeziler, ähli gatnaşyjy ýurtlaryň tomaşaçylary bolsa ýeňijini kesgitlemek üçin onlaýn ses berişlige gatnaşyp bilerler.
Jemleýji şowhunly dabara 22-nji noýabrda Jibek Joly teleýaýlymynda we gatnaşyjy ýurtlaryň öňdebaryjy teleýaýlymlarynda göni ÿaýlymda görkeziler. Ýeňiji sesleriň utgaşmasy boýunça kesgitlener: 50% — eminler toparynyň karary, 50% — tomaşaçylaryň onlaýn ses berişligi.
ORIENT