Midnight elektrik aerotaksisi rekord uçuşyny amala aşyrdy
22.08.2025 | 15:00 |eVTOL elektrik uçarlaryny döretmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýan Archer Aviation üstünlikli rekord synag uçuşyny geçirdi. Pilotly Midnight enjamy 31 minutda takmynan 88 kilometre aralygy geçdi, bu bolsa howa taksi hyzmatlarynyň işe girizilmegine tarap möhüm ädim boldy.
Uçuş Kaliforniýada geçirildi we Midnight uçarynyň esasy aýratynlyklaryny — ygtybarlylygyny, ýokary energiýa tygşytlylygyny hem-de pes ses derejesini tassyklady. Uçaryň iň ýokary tizligi sagatda 241 kilometre ýetdi. Synag uçuşyny kompaniýanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolan United Airlines-niň maliýe direktory hem synlady.
Kompaniýa häzirki wagtda Midnight uçaryny ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy gullugynda sertifikatlaşdyrmaga taýýarlap başlady. Ilkinji söwda gatnawlarynyň 2026–2027-nji ýyllarda Birleşen Arap Emirliklerinde işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Uçar dört ýolagçy üçin niýetlenendir we bary-ýogy 10–15 minutda doly zarýad alýar.
ORIENT