Apple Hytaýdan garaşlylygyny azaltmak üçin Hindistanda iPhone önümçiligini artdyrýar
21.08.2025 | 18:20 |Tehnologiýa ägirdi Apple Hytaýdan bolan garaşlylygyny azaltmaga çalyşýar hem-de önümçiligini Hindistana geçirmegi dowam etdirýär. Taryhda ilkinji gezek Amerikanyň bazary üçin meýilleşdirilýän täze iPhone 17 tapgyrynyň ähli dört modeli hem Hindistanda öndüriler.
Önümçiligiň giňeldilmegi bäş zawody öz içine alýar, olaryň arasynda täze Tata Group we Foxconn kärhanalary hem bar. Önümçilik möçberleriniň artmagy eýýäm öz netijelerini berýär: aprel – iýul aralygynda Hindistandan 7,5 milliard dollarlyk iPhone eksport edildi. Şeýlelikde, bu ýurt Hytaýdan öňe geçip, ABŞ-nyň iň iri smartfon üpjün edijisine öwrüldi.
Muňa garamazdan, önümçiligi geçirmek prosesinde kynçylyklaram ýüze çykýar. Habarlara görä, Hytaý tehnologiýalaryň geçirilmegine päsgelçilik döredýär. Şeýlelikde, Foxconn kompaniýasy öz inženerlerini yzyna çekmäge mejbur boldy. Netijede, Apple olary Taýwanyň we Ýaponiýanyň hünärmenleri bilen çalyşmaly boldy, bu bolsa çykdajylaryň ýokarlanmagyna sebäp boldy.
ORIENT